«Eyyam Group» demirden ýasalan tekjeleriň, şkaflaryň we gapylaryň giň görnüşlerini hödürleýär

10:1809.02.2023
0
44438

«Eyyam Group» hususy kärhanasy dürli görnüşli demir önümlerini alyjylar köpçüligine ýetirýär. Kärhananyň öndürýän önümleriniň hatarynda tekje (stellaž) ulgamlary, elektroşit, ýangyn hem-de serwer şkaflary, howpsuzlyk şkaflary, metal gapylar we dürli zatlary goýmak üçin niýetlenen şkaflar bar.

Türkmenistanda giň gerimde iş alyp barýan «Eyyam Group» kärhanasy öz işini 2012-nji ýylda ýola goýmak bilen, dürli hili demir önümleriniň önümçiliginde ilkinjileriň we öňdebaryjylaryň biridir. Kärhananyň önümleri diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçesinde wekillikleriniň bolmagynyň netijesinde ýurduň daşynda hem giňden tanalýar. «Eyyam Group» ýurtda işleýän kärhanalaryň elliden gowragy bilen hyzmatdaşlykda bolup, şolaryň hatarynda «Bouygues Construction», «Siemens», «Petronas», «Renaissance Construction» ýaly kompaniýalar we beýleki kärhanalar bar.

Bu ýerde önümler adaty taslamalara görä ýa-da müşderileriň sargytlaryna laýyklykda, poslamaýan metaldan gaýtadan işlenilip ýasalýar. «Eyyam Group» kärhanasynyň hyzmatlar toplumyna dolulygyna metallary islendik görnüşde özbaşdak taslamalaşdyrmak, taýýarlamak, işläp bejermek, şeýle-de olaryň uzakmöhletleýin ulanylmagy üçin maslahat bermek ýaly hyzmatlar girýär.

«Eyyam Group» hususy kärhanasynyň iş nokadynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk şaýoly (Moskowskaýa), 211/A jaý, «Altyn Asyr» işewürlik merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 82 90. Elektron poçtasynyň salgysy: info@eyyamgroup.com. Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň