Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» içerki «üstaşyr gatnawlar» nyrhnamalaryny girizdi, BAE «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerine gatnaşar, Aşgabatda eýran kinofilmleriniň görkezilişi geçiriler we beýleki habarlar

11:0114.02.2023
0
59444

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy golaýda ýurduň çäginde içki gatnaw ugurlary üçin ýörite nyrhnama boýunça petekleriň satuwyny ýola goýdy. «Üstaşyr» nyrhnamalary ýolagçylara ýol ugra başga uçarlara münüşleri we gaýdyşyn ugurlary öz içine almak bilen, uçuşyň ähli ugurlary üçin petekleri satyn almaga mümkinçilik berýär we özüniň uçýan nokadyndan ugrunyň çäklerindäki ähli gatnawlarda hasaba alynmaga, şeýle hem tutuş ugur boýunça ýükleriniň daşalmagyny resmileşdirmäge şert döredýär.

2. BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge gatnaşarlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi saparynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada beýan edilýär.

3. «Aşgabat» kinokonsert merkezinde eýran filmleriniň görkezilişi açyldy. Filmleriň görkezilişi Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäginde gurnaldy. Eýran kinomatografiýasy dünýäde giňden tanalýar. Eýranda dürli žanr we mowzuklar boýunça köp sanly filmler surata düşürilýär. Iň möhüm kinomatografiýa çäresi bolsa her ýylda geçirilýän «Fajr» halkara film festiwalydyr, ol Eýranyň «Farabi» film gaznasynyň we ýurduň kinojemgyýetiniň goldaw bermeginde guralýar.

4. Türkmenistanly mekdep okuwçylary düýn Almatyda tamamlanan matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XIX halkara Žautykow bäsleşigine gatnaşdylar. Türkmen toparynyň wekilleri 5 medal gazandylar. Umumylykda, ders bäsleşigine dünýäniň 26 döwletinden 1200-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Olardan 515-si matematika boýunça, 341-si fizika boýunça we 385-si informatika boýunça bäsleşdiler.

5. Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 15-17-nji fewral aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçiriler. Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

6. «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşykleriniň Milli merkezi bilen bilelikde beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly – ynsan kalbynyň çyragy» şygary bilen döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige Magtymgulynyň ynsanperwerlik, watançylyk, agzybirlige we raýdaşlyga çagyryş bilen ýugrulan pelsepesini şöhlelendirýän goşgular, hekaýalar ýa-da beýleki çeper eserler kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler eserlerini 31-nji maýa çenli edebiyatwesungat-gazeti@online.tm elektron poçta salgysyna iberip bilerler.

Dünýäde

7. Horwatiýadaky restoranlaryň birinde naharlary 70-den gowrak dürli tagam döredip bilýän robot-aşpezler taýýarlaýarlar. Bu iş prosesi dolulygyna awtomatlaşdyrylan hem bolsa, adamyň gatnaşmagy zerurdyr. Enjama ter önümleri ýükläp durmaly. Robotlar öňünden düzülen sanly nahar usullaryny ulanyp, ýagyň we goşundylaryň mukdaryny özbaşdak kesgitleýärler. Enjam 15 minutda dört tagam taýýarlamaga ukyplydyr.

8. Rio-de-Žaneýroda ýerleşýän Isus Hristosyň heýkeliniň ýokarky bölegine ýyldyrym düşdi. Bu waka harasat pursatynda bolup geçdi. Urgy heýkeliň kellesine düşdi. Isus Hristosyň heýkeli dagyň depesinde, deňiz derejesinden 700 metrden gowrak belentlikde ýerleşýär. Heýkeliň ýylda ortaça alty ýyldyrym urgusyna sezewar bolýandygy bellenilýär.

Sport habarlary

9. Türkmenistan milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Mämmet Orazmuhammedow «Altyn asyryň» tälimçiler düzümine goşuldy. 36 ýaşly Orazmuhammedow derwezebanlaryň tälimçisi bolup işlär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany üçin bu tälimçi hökmünde ilkinji iş tejribesi bolar.

10. Türkmen türgenleri Tel-Awiwde geçirilen Uly tuwulga dzýudo ýaryşyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Türkmenistandan 13 türgen dünýäniň 56 ýurdundan gelen toparlar bilen birlikde Pariž-2024 Olimpiadasyna barýan ýolda medallar we reýting utuklary ugrunda bäsleşerler. Tel-Awiwdäki ýaryş 2023-nji ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda geçiriler.

11. Dzýudoçy Hekim Agamämmedow Sofiýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly 24 ýaşly türgen bu üstünligi 66 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bürünç medal ugrundaky tutluşykda Hekim Agamämmedow Beýik Britaniýanyň wekili Çarli Ýangy ýeňdi. Ermenistanly türgen Artýom Galaçýan başga bir bürünç medalyň eýesi boldy. Bolgariýada geçirilen Ýewropanyň açyk kubogyna 43 ýurtdan 396 dzýudoçy gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň