Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda eýran filmleri görkeziler

11:2013.02.2023
0
25422

Şu gün «Aşgabat» kinokonsert zalynda eýran filmleri görkeziler. Filmleriň görkezilmegi Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäginde guralýar.

Kino söýüjiler 2019-njy ýylda surata düşürilen Kaweh Sabagzadeniň režissýorlyk eden «Emad we Tuba» çeper filmine tomaşa edip bilerler. Romantik komediýa 15:30 — 17:00-da, rus dilinde subtitrler bilen görkeziler.

Ýaşajyk tomaşaçylar üçin 17:30-da «Fehreste mogad das» animasion filmi görkeziler.

14-nji fewralda sagat 16:00-da türkmen dilinde subtitrleri bolan çagalar üçin «Baziguşha» çeper film görkeziler.

Eýran kinosy dünýäde giňden tanalýar. Häzirki wagtda Eýranda dürli mowzukly filmleriň ýüzlerçesi surata düşürilýär. Eýranyň Farabi film gaznasy we ýurduň kino jemgyýeti tarapyndan her ýyl «Fajr» halkara film festiwaly guralýar. Bu festiwal ilkinji gezek 1982-nji ýylda Tähranda geçirildi.

Bu film festiwalynda ýylyň dowamynda çykan ähli eýran filmleri görkezilýär. Filmleriň ählisi hem «Fajr»-dan soň prokarta çykýar.

41-nji «Fajr» halkara film festiwaly birnäçe gün mundan ozal, has takygy 2023-nji ýylyň 1 — 11-nji fewralynda Tähranda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň