Soňky habarlar

Arhiw

Rio-de Janeýrodaky Isa pygamberiň heýkelini ýyldyrym urdy

15:2013.02.2023
0
35098

Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherindäki Iusus Hristosyň heýkeliniň ýokarky bölegine ýyldyrym urdy, onuň fotosuraty sosial ulgamlarda ýerleşdirildi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Waka düýn gije tupan wagty boldy, ýyldyrym heýkeliň kellesine urdy.

Isa pygamberiň heýkeli deňiz derejesinden 700 metrden hem beýiklikde, dag gerşinde ýerleşýär.

Öň ýerli «UOL» habarlar portaly Milli kosmos barlaglary institutyna salgylanyp, her ýyl heýkeli ortaça alty gezek ýyldyrym urýandygyny habar berdi. 2014-nji ýylda ony şeýle ýyldyrym urmagyndan soň abatlamaly boldy, sebäbi ýyldyrym heýkeliň sag eliniň başam barmagynyň ujuny ýoldy. Şonuň üçin heýkelde goşmaça ýyldyrym sowujylary oturtmak kararyna gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň