Soňky habarlar

Arhiw

Mämmet Orazmuhammedow mundan beýläk «Altyn asyryň» derwezeçilerine tälim berer

14:1813.02.2023
0
21346

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedow «Altyn asyryň» tälimçiler düzüminde işläp başlady. Ol toparyň derwezeçilerine tälim berer diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Mämmet Orazmuhammedow 1986-njy ýylda Aşgabatda doguldy.

Karýerasyna 2005-nji ýylda HTTU-da başlan Orazmuhammedow bu toparyň derwezesini 2013-nji ýyla çenli gorady. Soňra 2014 ― 2022-nji ýyllar aralygynda «Altyn asyrda» futbol oýnady. Ol HTTU bilen iki, «Altyn asyr» bilen sekiz gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem onuň karýerasyny Türkmenistanyň kuboklarynyň ýedisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň kuboklarynyň ikisi we ýurduň Naýbaşy kuboklarynyň sekizisi bezeýär.

Mämmet Orazmuhammedow 2011-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda 30 duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň