Soňky habarlar

Arhiw

«FlyDubai» Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar

11:1125.01.2023
0
34603

Türkmenistanda

1. 2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan başlap, «FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaýdan Aşgabada dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi. Uçuşlar 2020-nji ýylyň ýazynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler girizilende ýatyrylypdy. Berlen rugsatnamalara laýyklykda, awiakompaniýa Dubaýdan Aşgabada hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri göni howa gatnawyny amala aşyrar, Aşgabatdan Dubaýa uçuşlar bolsa sişenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

2. Aşgabatda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) milli elektroenergetika kompaniýasynyň arasynda 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak boýunça ylalaşyga gol çekildi.

3. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry boýunça berilýän maglumatlara görä, Saratow döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň müňden gowrak raýaty bilim alýar. Soňky bäş ýylda türkmen talyplarynyň sanynyň ösüş depgini 2,5 esse – 2017/2018-nji okuw ýylynda 474 adamdan 2022/2023-nji okuw ýylynda 1159 adama çenli artdy. Bu barada SDU-nyň halkara işler boýunça prorektory Aşgabada saparynyň dowamynda habar berdi.

4. Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Ermenistanda Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmek we türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellemek, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň DIM-niň Diplomatiýa mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

5. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň martynda Aşgabatda ýurduň ykdysadyýet toplumynyň gazananlarynyň sergisi geçiriler. «Sizi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli guralýan Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, TSTB-niň metbugat gullugy habar berýär. Şeýle hem habarda çäräniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriljekdigi bellenilýär.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habarlary

6. Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap häkimliginiň işgärler düzüminde üýtgeşmeler geçirdi. Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Söhbet Allakulyýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ylýas Öwezow bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýene-de bir Permanyna laýyklykda, Bally Ballyýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Merdan Orazmuhammedow bellenildi.

Dünýäde

7. BAE-de wizalary we «Emirates ID» şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň nyrhy ýokarlandy. Identifikasiýa, raýatlyk, gümrk we port howpsuzlygy boýunça federal müdirligiň (ICP) wiza ýygymlary 100 dirhem artdy. «Emirates ID» şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň nyrhy indi 270 däl-de, 370 dirheme deň boldy. Aýlyk myhmanlyk wizasyny almak üçin töleg hem 270 däl-de, 370 dirhem bolar.

8. Aýdymçy Beýonse Dubaýda «Atlantis The Royal» oteliniň açylyş dabarasynda eden bir çykyşy üçin 35 million amerikan dollary möçberinde hak aldy. Bir sagatlyk çykyşynyň dowamynda estrada aýdymçysy lybaslaryny we sahna keşbini çalşyp, birnäçe gezek keşbini üýtgetmäge ýetişdi. «Atlantis The Royal» oteli BAE-niň iň iri şäherindäki iň abraýly etraplaryň biri bolan emeli Palma-Jumeýra adasynda guruldy.

9. Lukmanlar eýýäm birnäçe ýyl bäri semizlik pandemiýasy barada belleýärler. Bilermenler bütin dünýäde artykmaç agram bilen baglanyşykly ýagdaýy seljermek we iň hor hem-de iň semiz halkly ýurtlary kesgitlemek kararyna geldiler. «Daily Mail» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, iň semiz adamlar ýuwaş ummanyndaky Nauru adasynda ýaşaýarlar. Iň hor adamlaryň ýaşaýan ýurtlary barada aýdylanda bolsa, bu sanawda Wýetnam öňdebaryjy orny eýeleýär.

Sport habarlary

10. «PSŽ-niň» hüjümçisi Killian Mbappe Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 finalynda «Paý de Kassel» toparyna garşy duşuşykda 5 gol geçirmegi başardy, oýun parižlileriň peýdasyna 7:0 hasabynda tamamlandy. Hüjümçi karýerasynda ilkinji gezek penta-trik bilen tapawutlandy. Ozal onuň iň gowy görkezijisi bir duşuşykda 4 goldy we futbolçy bu netijäni iki gezek gazanypdy.

11. Ady rowaýata öwrülen awtoýaryşyjy Mihael Şumaheriň «Formula-1-däki» ilkinji çykyş eden ýaryş awtoulagy (bolidi) satuwa çykarylar. Nemes sürüjiniň 1991-nji ýylda çykyş edip başlan «Jordan 191» ýaryş ulagy Pariždäki bäsleşikli söwdada (auksionda) satuwa çykar. Lot 1,4-2 million ýewro bilen bahalandyrylýar. Mihael Şumaher 2013-nji ýylda bolup geçen betbagtçylyk zerarly kellesinden agyr şikes aldy. Onuň häzirki ýagdaýy gizlin saklanýar. Nemes sürüjisi «Formula-1-iň» ýedi gezek çempionydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň