Turkmenportal logo
24.01.2023
4753347533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekip, Ballyýew Bally Atamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.


Döwlet Baştutanynyň degişli Permany bilen, bu wezipä Merdan Orazmuhammedow bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.