Beýonse Dubaýdaky oteliň açylyşyndaky çykyşy üçin 35 million dollar aldy

12:2124.01.2023
0
42934
Beýonse Dubaýdaky oteliň açylyşyndaky çykyşy üçin 35 million dollar aldy
Surat: style.rbc.ru

Amerikaly aýdymçy zenan Beýonse Birleşen Arap Emirliklerinde täze myhmanhananyň açylyş dabarasynda eden bir sagatlyk çykyşy üçin 35 million amerikan dollary möçberinde hak aldy. Bu konsert aýdymçynyň dört ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji çykyşy boldy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Myhmanhananyň açylyşyna aýdym-saz äleminiň ýyldyzlarynyň köp sanlysy gatnaşdy.

«Daily Mail» neşiriniň ýazmagyna görä, Beýonsäniň maşgalasy bilen ýerleşen otagynda bir gije üçin 142 müň dollar tölemeli. Onda dört otag, kinoteatr we howuz bar.

Täze oteliň myhmanlaryna altyn çaýylan diş çotkalary, darakdyr päkiler mugt berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň