Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl gijesi Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglary sagat 2:00-a çenli işlär, Putin we Berdimuhamedow GDA sammitinde duşuşdylar, AŞTU abonentlere aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda tölemelidigini ýatlatdy we beýleki habarlar

10:3027.12.2022
0
40309

1. Täze ýyl gijesi Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglary baýramçylyk tertibine laýyklykda işlär – şäheriçi awtobuslar gije sagat 02:00-a çenli hereket ederler, taksiler bolsa gije-gündiziň dowamynda ilata hyzmat ederler.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

3. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ abonentleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda tölemelidigini ýatladýar. AŞTU-nyň hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn görnüşde geçirmek mümkindir. AŞTU abonentiniň telefon belgisi bilen 0787 gysga belgä SMS iberip, şahsy hasabyňyz barada anyk maglumatlary alyp bilersiňiz.

4. Aşgabatda türk estrada ýyldyzlary Mustafa Sandal we Irem Deriji çykyş etdi.

5. Şu ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjana syýahat eden türkmen syýahatçylarynyň sany geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 5,1 esse köpdür. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjana baryp gören Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 1600 adamdan ybarat boldy.

6. Täze ýylyň öňüsyrasynda «Lebap» söwda merkezinde el işleri boýunça hünärmenleriň baýramçylyk ýarmarkasy geçirildi. Ýarmarkada Täze ýyl oýnawaçlaryny, bezeg önümlerini, milli usulda taýýarlanan ajaýyp aksessuarlary; monjuklardan, daşlardan, lýureksden, kümüş sapaklardan ýasalan özboluşly nagyşlary; örülen çaga harytlaryny we tagamly konditer önümlerini satyn almak mümkinçiligi döredildi.

7. Türkmenistan, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran bekre görnüşli balyklary senagat esasda tutmagy gadagan etmegiň möhletini 2023-nji ýyla çenli uzaltdylar. 2023-nji ýylda bekre balygynyň görnüşlerini tutmak, ozal hem bolşy ýaly, diňe ylmy-barlag hem-de emeli köpeltmek maksatlary bilen amala aşyrylar.

8. Aşgabatda Parahat – «Aşgabat» SDAM ugry boýunça hereket edýän 114 belgili täze awtobus gatnawy işe girizildi.

9. 2028-nji ýyla çenli Gazagystanda aýallar 61 ýaşynda pensiýa çykyp bilerler – degişli kanuna Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi. Gazagystanda aýallaryň pensiýa ýaşy 2018-nji ýyldan başlap alty aý artyp başlady we 2027-nji ýyla çenli 63 ýaşa ýetmeli we erkekleriň pensiýa ýaşyna deň bolmalydy. Resminama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli aýallaryň pensiýa ýaşy 61-den kesgitlener.

10. 2022-nji ýylda geçirilen UFC Absolýut söweş çempionatynyň iň güýçli söweşijileriniň üçlügine Islam Mahaçew, Aleks Pereýra we Aleks Wolkanowski girdi. Awstraliýaly Aleks Wolkanowski şu ýyl koreýaly Çen Son Jony we amerikaly Maks Holloweýi ýeňdi. Agram derejelerine garamazdan, ol UFC söweşijileriniň sanawynda öňdebaryjydyr. Sanawyň ikinji ornuny orta agram derejede çempion bolan braziliýaly Aleks Pereýra eýeledi, üçlügi ýeňil agram derejede braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip, çempionlyk guşagyny alan russiýaly Islam Mahaçew tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň