Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy

22:5526.12.2022
0
59828

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-dan täze 114-nji «Parahat — Aşgabat söwda merkezi» ugruň açylýandygy habar berilýär.

114-nji «Parahat – Aşgabat söwda merkezi» awtobus ugry “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýu.Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe –Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – Seýdi köçe – Tähran köçesi bilen hereket edip, “Aşgabat söwda merkezine” çenli barýar hem-de yzyna Mollanepes köçe – H.Derýaýew köçe - Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – N.Andalyp köçe – Arçabil şaýoly – Ankara köçe – Ýu.Emre köçe – B.Annanow köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki awtobus ugurlary we duralgalary barada maglumat almak üçin amatly onlaýn hyzmaty döretmek maksady bilen «Duralga» mobil goşundysyny işläp düzdi.

«Duralga» programmasynyň esasy aýratynlygy, awtobusyň belli bir duralga näçe wagtdan geljekdigini öz smartfonyňyzda onlaýn bilip bilersiňiz. Munuň üçin «Hyundai» kysymly şäheriçi awtobuslary ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat iberýän GPS yzarlaýjylary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

Ozal 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda şäheriçi we şäherara awtobuslarynyň nähili tertipde hereket etjekdigi belli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň