Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl baýramçylygynda jemgyýetçilik ulaglarynyň nähili tertipde işlejekdigi belli boldy

22:4226.12.2022
0
60058

Jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli hyzmat eder. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi gullugynyň web sahypasynda habar berildi.

Aşgabatda «Onlaýn taksi» taksi sargyt etmegiñ döwrebap usulynyň bardygyny we taksini «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň kömegi bilen hem-de 0655 gysga belgä jäň edip sargyt edip bolýandygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň