GDA-nyň döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

21:5926.12.2022
0
26069
GDA-nyň döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde mähirli garşylanan Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna geldi. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Ýokary derejeli duşuşyk başlamazdan ozal, GDA agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Ýokary derejeli resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyny belläp, bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna gyzyklanma bildirilip pikir alyşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň