Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýolunyň ähmiýetine ünsi çekdi

20:3126.12.2022
0
22918
Tokaýew Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýolunyň ähmiýetine ünsi çekdi
Surat: akorda.kz

Şu gün Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirilýär. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda sammitiň GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak we geljegi uly meseleleri kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.

Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystanyň GDA ýurtlary bilen ýanwar — oktýabr aýlarynda söwda dolanyşygy 11% ýokarlanyp, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,5 milliard dollara barabar boldy. Şeýlelikde, 5 milliard dollar ösüş gazanyldy.

Çykyşynyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň Baştutanlaryny aşakdaky derwaýys meseleleriň çözülmegine ünsi jemledi.

Tokaýew GDA ýurtlarynda ulag we logistika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi aýratyn ähmiýete eýe bolup, şunda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýoly has-da ygtybarly we bähbitlidir. Gazak Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýoly GDA we Ýewropa ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde has-da bähbitlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň