Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet syýahatçylyk guramasynyň habar bermegine görä, şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistandan Azerbaýjana syýahata baranlaryň sany ep-esli artdy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýurda noýabr aýynda türkmenistanly syýahatçylaryň 1600 sanysy baryp gördi. Bu görkeziji geçen aýyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 308 adam, ýagny 5,1 esse köpdür. Şeýlelikde, Türkmenistan 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjana syýahata baranlaryň sany boýunça ilkinji 15 ýurduň hataryna girdi.
Şu ýylyň noýabr aýynda 135,370 daşary ýurtly Azerbaýjana baryp gördi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 54 göterim ýokarydyr (86,061 adam).