Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Meksika ýeňiş bilen mundialy terk etdi

11:2201.12.2022
0
22854

Meksikanyň ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Saud Arabystanyny ýeňlişe sezewar etdi. «Lusail Aýkonik» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda Meksikanyň peýdasyna tamamlandy. Emma bu ýeňiş meksikalylara pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady.

47-nji minutda Henri Martin Meksikany hasapda öňe çykardy. 52-nji minutda Luis Çawes meksikalylaryň hasapdaky üstünligini iki topa artdyrdy. Al-Dosari 90+5-nji minutda Saud Arabystanynyň ýeke-täk jogap topuny derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Meksika 4 utuk bilen «C» toparçasynda üçünji orny eýeläp, pleý-off ýollanmasyndan binesip galdy. Bu toparçadan Polşa ikinji orun bilen 1/8 finalda gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeri gelende bellesek, eger Meksika 2:0 hasabyndaky ýeňşi saklap galan ýagdaýynda hem urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudynyň deňdigine garamazdan, sary kartlarynyň azdygy sebäpli Polşa indiki tapgyra çykardy.

Şeýlelikde, dünýä çempionatlarynyň taryhynda 1978-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän şowsuz seriýasyny ýene-de uzaltdy. Bu ýurduň ýygyndysy şondan bäri 8 mundiala gatnaşyp, olaryň hiç birinde toparçalaýyn tapgyrdan aňry geçmegi başarmady.

Saud Arabystany bilen bolan oýundan soňra Meksikanyň baş tälimçisi Herardo Martino özüniň bu wezipeden gidýändigini mälim etdi.

Parallel ýagdaýda geçen «C» kwartetindäki beýleki oýunda Argentina 2:0 hasabynda Polşany ýeňip, birinji orun bilen 1/8 final ýollanmasyna eýe çykdy.

1/8 final tapgyrynda Argentina Awstraliýa bilen, Polşa bolsa Fransiýa bilen güýç synanyşar.

Bu gün «E» we «F» toparçalarynda 1/8 final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli bolar.

30-njy noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:

  • «D» toparça. Awstraliýa — Daniýa 1:0
  • «D» toparça. Tunis — Fransiýa 1:0
  • «C» toparça. Saud Arabystany — Meksika 1:2
  • «C» toparça. Polşa — Argentina 0:2

1-njI dekabrda geçiriljek oýunlar:

  • «F» toparça. Kanada — Marokko — 20:00
  • «F» toparça. Horwatiýa — Belgiýa — 20:00
  • «E» toparça. Kosta-Rika — Germaniýa — 00:00
  • «E» toparça. Ýaponiýa — Ispaniýa — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň