Biraz ozal DÇ-2022-niň «B» toparçasyndan orun alan Angliýa — Eýran oýny tamamlandy. Duşuşygyň ykbaly 6:2 hasabynda Sautgeýtden tälim alýan ýygyndynyň peýdasyna çözüldi. Iňlisleriň düzüminde Saka dubl (43, 62) eden bolsa, beýleki gollara Bellingem (35), Sterling (45+1), Reşford (71) we Griliş dagy awtorlyk etdiler. Eýranyň jogap toplarynyň ikisi hem Mehdi Tareminiň (65, 90+13 penalti) adyna ýazyldy. Eýranyň düzüminde Serdar Azmun 77-nji minutda ätiýaçdan oýna goşuldy. Ol oýnuň soňunda Angliýanyň derwezeçisi bilen bire-bir pursatda howply urgyny amala aşyrdy, emma Pikford tarapyndan ugry üýtgedilen top derwezäniň sütünine degdi.
Ýeri gelende bellesek, Angliýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçen dünýä çempionatynda hem özüniň ilkinji oýnunda Panamanyň derwezesine 6 gol urupdy.
DÇ-2022-niň oýunlary birazdan soň Senegal — Niderlandlar («A» toparça) oýny bilen dowam eder. Katarda geçýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen tomaşa edip bolýandygyny ýatladýarys.