Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi

10:3016.11.2022
0
28627

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin resmi web sahypasy arkaly petek satuwyny dikeltdi. Uçuş petekleri Türkmenistanda berlen «Altyn Asyr», «Visa» we «Mastercard» bank kartlary arkaly satyn almak mümkindir. «Türkmenistan howa ýollary» Aşgabatdan Dubaýa, Maýndaky Frankfurta, Stambula, Kazana we Moskwa yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlar boýunça petekler satuwa çykarylandyr.

2. Türkmenistan täze durmuş guranlar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary resmi taýdan artdyryldy. Indi ýaş maşgalalar ýyllyk 1% göterimli 3 ýyl möhlet bilen 20 müň manada çenli karz serişdeleri bölünip berler. Ýeňillikli karzdan çatynjalaryň hersiniň ýaşy 35-den geçmeýän we nika 2011-nji ýylyň 03-nji sentýabryndan öň hasaba alynmadyk maşgalalar peýdalanyp bilerler.

3. Aşgabat bilen Serhetabatyň arasynda ýolagçy demir ýol gatnawy gaýtadan dikeldildi. Otly sişenbe, penşenbe we şenbe günleri hereket eder. Plaskart üçin petegiň bahasy 27 manat 90 teňňe, bir kupe üçin – 50 manat 90 teňňe. Otly peteklerini «Demirýollary» AGPJ-niň saýtyndan onlaýn görnüşde satyn almak mümkindir.

4. «Google Play-da» «Onlaýn taksi» ykjam programmasynyň täze görnüşi elýeterli edildi, onuň kömegi bilen öz smartfonyňyzdan Aşgabadyň islendik ýerine taksi sargyt etmek mümkindir. Programmanyň täze görnüşi tutuşlygyna türkmen programmistleri tarapyndan işlenip düzüldi we ulanyjylaryň ähli islegleri göz öňünde tutulyp döredildi. Aşgabadyň islendik ýerine taksi sargyt etmek üçin takyk salgysyny ýörite setire girizmeli ýa-da kartada görkezmeli. Hyzmat gije-gündiziň dowamynda işleýär, taksä jaň etmek üçin telefon belgisi – 0655.

5. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Himiýa boýunça halkara talyp internet-olimpiadasy badalga aldy. Oňa 80 sany ýokary okuw mekdebinden 300-den gowrak talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň ýeňijileriniň atlary 17-nji noýabrda geçiriljek dabarada yglan ediler.

6. Horezm sebit sazly drama teatrynyň sungat işgärleri türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Kaýs» spektaklyny görkezer. Ýaş režissýor Otabek Ýakubowyň aýdym-sazly eseri Alyşir Nowaýynyň 1484-nji ýylda döreden «Leýli we Mejnun» poemasyna esaslanýar. «Leýli we Mejnun» poemasy VII asyrda aýaşap geçen aşyklar hakda gürrüň berýär, ol iň çeper we täsir galdyryjy hekaýalaryň biridir.

7. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kökümetara türkmen-rus toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen geçirilen duşuşykda iň ýokary derejede gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn dostluk, deň hukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösýändigini belledi.

8. Sloweniýanyň taryhynda ilkinji gezek döwlet Baştutany wezipesini zenan – Nataşa Pirs-Musar eýeledi. Saýlawlarda ol Sloweniýanyň öňki içeri işler ministri Anža Logaradan öňe geçdi. Resmi metbugat beýanatynda Nataşa Pirs-Musar Sloweniýanyň garry raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulaşdyrmak, ýaşlary daşary ýurtda däl-de, ýurtda ýaşamaga we işlemäge höweslendirmek, şeýle hem daşky gurşaw barada alada etmek isleýändigini aýtdy.

9. Braziliýa, Indoneziýa we Kongo Demokratik Respublikasy jeňňellikleriň biodürlüligini goramak üçin bilelikde işlemek üçin üç taraplaýyn bileleşik döretmegi maksat edinýärler. Tropiki jeňňellikler demirgazyk taýga tokaýlary bilen birlikde kömürturşy gazyny esasy sorujylar we kislorod öndürmek üçin «kärhana» bolup durýarlar. Ynsan işjeňligi sebäpli tropiki ýerlerde tokaýlaryň çalt ýitmegi planetanyň ekologiki deňagramlylygyna howp salýar. Tokaýlaryň dikeldilmegi howanyň üýtgemeginiň esasy sebäbi bolan parnik gazlarynyň ýok edilmegini çaltlaşdyrar.

10. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň nyşany iki ýüz ýyldan gowrak wagt bäri Fransiýa Respublikasynyň nyşany bolup durýan bir jübüt «Frigi» – gyzyl Frigiýa başgaplary bolar. 33-nji tomusky Olimpiadanyň nyşany Parižde tanyşdyryldy. -nji ýyldaky Olimpiada – 2024 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli aralykda Fransiýanyň paýtagtynda geçiriler.

11. Dünýä çempionatynyň Hakyky Kubogy 51 ýurda syýahatyny tamamlap, Katara geldi. Gezelenjiň dowamynda futbol janköýerleri 5 günden az wagtyň içinde başlanjak Dünýä çempionatynyň esasy baýragyny görmäge mümkinçilik aldylar. Kubok sap altyndan ýasalandyr. Ol Ýer togalagyny göterip duran iki adamyň şekili bilen nagyşlanandyr. Kubok jemleýji duşuşyga çenli Katarda dünýä çempionatyny guramak we miras boýunça Ýokary komitet, şeýle hem Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan goralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň