Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

22:0915.11.2022
0
23014
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de bu ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutany hakyky dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda netijeli häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösdürilýändigi bellenildi. Nebitgaz, senagat, ulag-logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýändigi nygtaldy. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi. Ynsanperwerlik ulgamyndaky däp bolan dialogyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudygy bellenildi. Şunda bilim, ylym we medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň aýratyn orny eýeleýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ozaldan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de köpýyllyk tejribä esaslanýan özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň