Soňky habarlar

Arhiw

Jumaýewiň topary möwsümi ýeňiş bilen tamamlady

12:3514.11.2022
0
11878

Gomeliň «Lokomotiw» futbol topary Belarusyň Birinji ligasynyň 26-njy tapgyrynda «Osipowiçi» futbol toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda «Lokomotiwiň» türkmenistanly ýarym goragçysy Wepa Jumaýew 44-nji minutda hüjümçi Wladislaw Syçýowa gol pasyny berdi.

Şeýlelikde, Gomel şäherine wekilçilik edýän topar möwsümi 39 utuk bilen bäşinji orunda tamamlady.

Liganyň çempiony ― Nowopoloskiniň «Naftany» «Smorgonýa» bilen bilelikde 2023-nji ýylda Belarusyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Liganyň üçünji ornunyň eýesi «Makslaýn» bolsa Ýokary liga çykmak üçin «Arsenal» bilen güýç synanyşar.

Jumaýew tamamlanan möwsümde 21 duşuşykda 1875 minut meýdanda galdy. Ol bu duşuşyklarda bir gezek tapawutlandy.

Wepa Jumaýewiň şu ýylyň ýazynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda Aziýanyň kubogy ugrundaky duşuşyklara gatnaşandygyny ýaladýarys. Ol häzirki wagtda Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň