Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

23:2112.11.2022
0
21265
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş saparynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatyň zähmetkeş daýhanlarynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl öndürmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Ir bilen Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Milli Goşun” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna bardy. Bu ýerde daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Döwletgeldi Rejepow bilen söhbetdeş bolup, onuň zähmet ýoly, maşgala durmuşy, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak bilen baglylykda, şu günlerdäki işleri, daýhançylykda gazanýan üstünlikleri, bol hasyl ýetişdirmekde daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy. Daýhana birnäçe nesihatlaryny, maslahatlaryny berdi. Şeýle-de pagtaçy kärendeçini Hasyl toýy bilen gutlap, oňa hem-de onuň maşgala agzalaryna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Soňra kärendeçiniň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşüp, daýhanyň meýdan düşelgesinde ýazylan bereketli saçagyndan duz-tagam datdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna bardy. Bu ýerde daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Muhammetmyrat Ýaşarow bilen söhbetdeş bolup, onuň zähmet ýoly, maşgala durmuşy, daýhançylykda gazanýan üstünlikleri, bugdaý ýetişdirmekde daýhanlaryň zerur serişdeler bilen öz wagtynda üpjün edilişi bilen gyzyklandy. Şeýle-de kärendeçini Hasyl toýy bilen gutlap, oňa hem-de onuň maşgala agzalaryna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Soňra gallaçy kärendeçiniň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. Daýhana birnäçe nesihatlaryny, gymmatly maslahatlaryny berip, oňa geljekde-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňra “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň “Mary galla önümleri” kärhanasyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Gurbandurdy Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. G.Nowruzow Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Halk Maslahatynyň Başlygy kärhanada bugdaýyň saklanylyşy, ondan unuň öndürilişi, bu ýerde tohumlyk bugdaýyň arassalanylyşy, onuň görnüşleri, ekişe taýýarlanylyşy, şeýle-de, umuman, ýurt boýunça alnyp barylýan tohumçylyk-seçgi işleri bilen gyzyklandy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Nowruzowy Hasyl toýy bilen gutlap, oňa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baýramçylyk sowgadyny gowşurdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňra ammaryň içine girip gördi. Bu ýerdäki döwrebap önümçilik düzümi, ammarda unuň saklanylyşy bilen tanyşdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňra Mary şäheriniň halkara howa menziline geldi. Bu ýerde ýurduň syýasy partiýalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de Mary welaýatynyň ýolbaşçylary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasyna bolan saparynyň üstünliklere beslenmegi hem-de Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutladylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň