«Ingco» brendi dürli hili iş gurallarynyň toplumy bilen tanyşmagy teklip edýär

10:3705.11.2022
0
21507

Hytaýyň abatlaýyş we gurluşyk harytlaryny öndürýän «Ingco» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili ussalara agaç, demir, montaž hem-de gurluşyk işleri üçin zerur bolan gurallaryň toplumyny hödürleýär.

Bu toplumlaryň düzümine öz iş ugurlaryna laýyklykda şurup hem-de gaýka towlaýjylar, samorezler, kesiji atagzylar, swerlolar, urulýan kesijiler, towlaýjy kellejikler, şurup uçlary, atagzylar, otwýortkalar, dürli hili we gaýka açarlary, kesiji gurallar, paýalnikler, çekiçler, pyçaklar, ruletkalar we beýleki şu hili gurallar girýär. Olaryň hatarynda az sanly gurally toplumlar bilen birlikde, özünde ýüzden gowrak guraly jemleýän kesýler hem bar.

«Ingco» gurallar toplumynda Industrial (professional derejede ulanmak üçin) hem-de Standart (öý-hojalykda ulanmak üçin) gurallar toplum tapgyry bardyr. Kompaniýanyň ähli önümleri berk metaldan öndürilip, dielektrik aýratynlygy bolan typmaýan örtükli tutawaçlydyr.

«Ingco» brendi 180-den gowrak ýurtda giň meşhurlyga eýedir. Onuň önümleri hiliniň bahasy bilen utgaşýanlygy bilen tapawutlanýar.

«Ingco» brendiniň resmi dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, «Peýkam» söwda merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň