Soňky habarlar

Arhiw

«Ingco» nasoslaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

09:4327.08.2022
0
37925

Hytaýyň gurluşyk we iş gurallaryny hem-de abatlaýyş enjamlaryny öndürýän «Ingco» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili dürli kuwwatlyga eýe hem-de dürli maksatlar üçin niýetlenen suw sorujylary (nasoslary) bilen tanyşmagy teklip edýär.

«Ingco» haryt nyşanly suw sorujylarynyň arasynda hojalykda peýdalanmak üçin dürli görnüşler, suwuň çuňluklarynda oturdylýan görnüşler, şeýle hem suw sorujylary dolandyryş enjamlary bardyr.

«Ingco» kompaniýasynyň hojalykda peýdalanmak üçin niýetlenen görnüşlerinden başlap, senagat ugurly görnüşlerine çenli ähli önümleri ýokary hili we uzakmöhletleýin hyzmaty bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň önümleri diňe bir Hytaýda däl, köp sanly daşary ýurtlarda hem meşhurlyk gazandy. «Ingco» haryt nyşan bilen dürli elektrik gurallary, dreller, kebşirleme (swarka) enjamlary, sarp ediş serişdeleri we başga-da köp sanly enjamlar öndürilýär.

«Ingco» dükanynyň salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç. (Объездная), «Peýkam» binasy.

Şeýle-de haryt nyşanynyň iş gurallary bilen resmi paýlaýjynyň akkauntynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň