Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Asyrlara miras: Halaçly halyçylar özbaşdak sargytlar boýunça halylary dokaýarlar

11:5625.10.2022
0
27726

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti müşderilere özbaşdak sargytlar boýunça ajaýyp halylary dokap bermek hyzmatyny hödürleýär.

Aýratyn nyşany bolan kärhanalardyr guramalar üçin bu ýerde nyşanlary ýerleşdirilen halylar, uly bolmadyk halyçalar we başga-da dürli görnüşli haly önümleri taýýarlanylýar.

Kärhananyň nyşany hemişe islendik kişiniň üns merkezinde durýan zatlaryň biridir. Nyşan bilen bezelen haly bolsa kärhananyň mahabatlandyrylmagyna, onuň abraýynyň we derejesiniň ýokarlanmagyna täsir etjek oňaýly mümkinçilik bolup durýar.

Dost-ýarlaryny, ýakyn dogan-garyndaşlaryny baýramçylyk sowgady ýa-da doglan gün gutlagy bilen begendirmek isleýänler bolsa kärhanada dabaranyň sebäpkärini onuň ajaýyp şekili ýerleşdirilen haly önümleri bilen begendirip bilerler.

Haly portreti — bu ajaýyp pursatlary, şatlygy we owadan ýatlamalary uzak ýyllaryň dowamynda saklajak gymmatlykdyr. Haly portreti maşgalanyň asylly gymmatlygy hökmünde asyrlar boýy saklanyp galýar, nesilden-nesle geçip maşgala mirasyna öwrülýär.

Halaç halyçylarynyň çeper elinden hasyl bolýan halylar owadanlygy bilen tapawutlanýar. Kärhanada olar her aýda 400 inedördül metr haly önümlerini dokaýarlar. Indi islendik kişi öz şekilini ýa-da dürli şekilleri haly ýüzüne çekdirmek islese «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenlerine ýüz tutup biler.

Kärhananyň hünärmenleri özboluşly şekiller bilen bezelen halylary dokatmak babatda özleriniň tölegsiz tejribeli maslahatlaryny bererler. Sargyt ediji bilen halynyň ölçegi, halynyň asylky göwrümi, şeýle-de gölleri we reňk aýratynlyklary ylalaşylýar.

Ýene-de bir möhüm zatlaryň biri halaç halylarynyň ýokary hilde dokalýanlygydyr. Bu ýerde halylar 100% tebigy ýüňden elde hem-de ýörite haly dokaýan enjamlarda dokalýar.

Türkmenistanyň ähli ýerlerinde uly meşhurlyga eýe bolan halaç halylaryny satyn almak ýa-da sargytlar boýunça ýüz tutmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Mundan başga-da, turkmen-carpets.com web saýtynda «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetinde dokalýan halylaryň köpdürli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň