Haly dokamak «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýen meňzetme bilen beýan edilse ýerine düşer. Halajyň «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň halyçylary muňa has aýdyň düşünýärler. Olar bir aýyň dowamynda 400 inedördül metr ölçegli halylary we gyralyklary, şeýle-de döwrebap modada ýörgünli bolan haly torbalaryny dokaýarlar.
Milli nagyşlar we göller bilen bezelen haly torbalary gündogaryň gözelleriniň daş keşbine has-da täsirli bezeg berýär.
Halaçly dokmaçylaryň bellemeklerine görä, olara daşary ýurtlarda ýaşaýan ýakynlaryna goýnuň hem-de düýäniň ýüňünden dürli hili ýadygärlik sowgatlyklaryny — haly önümlerini dokatmak ýaly sargytlar ýygy-ýygydan gelýär.
Türkmeniň nepis gölli halysy — milli gymmatlyklaryň iň bir görnüklisi bolup, ol ajaýyplyklaryň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir. «Kümüş Ýüpek» kärhanasynda hem dokalan iň uly ajaýyp halynyň uzynlygy 37 metr bolup, ini 9 metre barabardyr.
Bu hili ajaýyplygyň kiçi hili görnüşiniň özünde bolmagyny her bir zenan maşgala islese gerek. Kärhananyň täsin hem-de çeper önümleri bilen www.turkmen-carpets.com saýty arkaly tanşyp bolýar.
«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetinden özbaşdak islege görä dokalan haly önümini satyn almak üçin bolsa sargyt etmelidir. Munuň üçin bolsa (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99 telefon belgileri arkaly ýa-da sosial media ulgamyndaky hasaby boýunça habarlaşmak bolar. Söwdanyň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Şeýle-de okaň:
- Halaç etrabynda dokalýan namazlyk halylaryny Türkmenistanyň islendik ýerine sargyt edip bolýar
- Lebabyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasy dürli ölçegdäki we göwrümdäki halaç halylaryny dokaýar
- Halaçly keşdeçiler sargyt esasynda elde milli sowgatlyklary taýýarlaýarlar
- Türkmen milliliginiň simwoly: Halyny islegiňe görä şekilde dokatmak üçin nirä ýüz tutmaly?