Soňky habarlar

Arhiw

Lebabyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasy dürli ölçegdäki we göwrümdäki halaç halylaryny dokaýar

10:0521.09.2022
0
23184

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti islendik ölçegde we göwrümde türkmen milli gölli halylaryny dokap bermek üçin müşderileriň sargytlaryny kabul edýär.

Kärhananyň hödürleýän hyzmaty ölçegi adaty bolmadyk ofisleriň we öýleriň eýeleri üçin gurşawa laýyk gelýän we göwnejaý interýeri döredýän halylary sargyt esasynda dokatmaga mümkinçilik döredýär.

«Kümüş Ýüpegiň» hünärmenleri müşderileriň özlerine gerekli bolan, has takygy islegine laýyklykda we otagyň bezegine görä haly sargyt etmeginde olaryň ölçegini, göllerini, reňkdarlygyny we beýleki aýratynlyklaryny dogry saýlap almak babatda tölegsiz maslahatlaryny ýetirýärler.

Halaç halylary hem edil el halylary ýaly 100% ýüňden dokalýar.

Lebap welaýatynda ýerleşýän haly kärhanasynda her aýda 400 inedördül metre çenli mukdarda haly dokalýar. Bu halaç halylary eýýäm Türkmenistanyň onlarça maşgalasynyň öýüne bezeg berýär. Üstesine-de, bu halylaryň hiline we gözelligine Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe we BAE ýaly ýurtlarda ýokary baha berilýär.

Halaç halylaryny has amatly usulda turkmen-carpets.com saýtyndan ýa-da kärhananyň sosial media hasaby arkaly sargyt edip bilersiňiz. Şeýle-de habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň