Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halaçly keşdeçiler sargyt esasynda elde milli sowgatlyklary taýýarlaýarlar

10:3614.09.2022
0
22422

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti milli usulda sowgatlyk önümlerini taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

Halaçly keşdeçiler diňe tebigy serişdeleri – goýun we düýe ýüňlerini peýdalanmak bilen nepis türkmen milli gorag nyşanlaryny dokaýarlar.

Türkmenlerde öý üçin bezeg önümleri we gorag nyşanlary gadymy yrymlar bilen baglanyşdyrylýar. Olaryň üýtgeşik güýji bar we eýesini şowsuzlyklardan goraýarlar diýlip hasap edilýär.

«Döwür özgerýär, emma häzirki zaman jemgyýetinde hem däp-dessurlara hormat goýulýar. Şonuň üçin hem türkmen sowgatlyklaryny taýýarlamak boýunça yzygiderli sargytlar gelýär. Käbirleri özi üçin ýa-da ýakynlaryna sowgat bermek üçin, käbiri bolsa daşary ýurtlardaky dostlary üçin sargyt edýärler» – diýip Halaçdaky kärhananyň işgäri gürrüň berdi.

Müşderiniň taýýarlanyljak önümiň bezegini, keşdesini we reňk sazlaşygyny özbaşdak saýlap bilýändigini hem bellemek gerek.

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň milli usulda taýýarlanan sowgatlyk önümlerini (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99 telefon belgileri boýunça, sosial ulgamlardaky akkaunty arkaly, şeýle hem turkmen-carpets.com saýtyna girmek bilen islendik ýerden sargyt edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň