Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milliliginiň simwoly: Halyny islegiňe görä şekilde dokatmak üçin nirä ýüz tutmaly?

13:2909.09.2022
0
18688

Türkmen halky Ýer ýüzünde özüniň ajaýyp, nepis hem-de täsin gölleri bolan halylary bilen giň meşhurlyga eýe bolup geldi. Olaryň hiline bolsa adamzat jemgyýeti hemişe ýokary baha bilen garady.

Türkmen milli halyçylyk sungatyna, halylaryň gözelligine düşünýän we ähmiýetine gadyr goýýan haly söýüjiler üçin «Kümüş ýüpek» hojalyk jemgyýeti müşderileriň isleglerine görä dürli nagyşlary we gölleri salmak arkaly indiwidual sargytlar esasynda haly dokamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Kärhana bu babatda el halylaryna hem-de kärhanada dokalýan haly görnüşlerine sargytlary kabul edýär.

«Kümüş ýüpegiň» hünärmenleri hyzmatlaryň çygrynda haly saýlamak babatda baryp tölegsiz maslahat bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýärler. Müşderi bilen geçirilýän bu hili duşuşykda onuň dykgatyna köp sanly reňkdar nagyşly we gölli halylaryň gollanmasy hödürlenýär. Dokalýan halylarda goýunlaryň tebigy derisi ýaly materiallardan peýdalanylýar.

Islegler boýunça sargyt edilende kärhana müşderini täze dokaljak halynyň şekil nusgasynyň elektron görnüşi bilen tanyş edýär.

«Kümüş ýüpek» hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda işläp başlady. Kärhanada köp ýyllar bäri milli halylaryň nepis nusgalaryny dokap gelýän we işine ussatlyk bilen çemeleşýän baý tejribeli halyçylar zähmet çekýärler.

«Kümüş ýüpegiň» Türkmenistanyň ähli künjeklerinden halylary dokap bermekde sargytlary kabul edýändigini nygtamak gerek.

Haly öndürýän kärhana Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň