Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan gelýän howa gatnawlary üçin täze töleg ulgamlaryny (tarif) girizýär, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda «Daşkent» seýilgähini açarlar, türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimp

11:4219.10.2022
0
28742

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy oktýabrdan başlap, Russiýadan Türkmenistana howa gatnawlary üçin täze töleg ulgamlaryny (tarif) girizýär. Awiakompaniýa Russiýanyň çäklerinde petekler satylanda Türkmenistanyň raýatlary üçin aýratyn töleg ulgamyny we daşary ýurtlular üçin töleg ulgamyny girizýär. turkmenistanairlines.ru saýtyndan onlaýn görnüşinde petek satyn alnanda, raýatlyga görä, dogry töleg ulgamyny saýlap almaga üns bermek haýyş edilýär.

2. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşar we türkmen-özbek serhedinde söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek boýunça işlere badalga berer.

3. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda himiýa we fizika boýunça halkara ders bäsleşikleri geçiriler. Himiýa boýunça halkara olimpiadasy 14-17-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, fizika boýunça – 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde geçiriler.

4. Türkmen talyplary Soçi şäherinde geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça 2-nji halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak bilen iki baýrakly orny eýelediler. «Halkara gatnaşyklary» ugry boýunça birinji orna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan Baýnazar Nepesow eýeledi. Şol ugur boýunça ikinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Atajan Metjiýew mynasyp boldy.

5. Türkmenistanyň üç şäherinde Ýaponiýanyň medeniýet günleri geçirilip, olara 3000-den gowrak adam gatnaşdy. Giňişleýin maksatnamanyň çäklerinde türkmenistanlylar ýapon kinematografiýasy, ýapon tagamlaryny we origami taýýarlamak sungaty bilen, Günüň dogýan ýurdunyň medeniýetiniň gadymy we häzirki zaman ugurlary bilen tanyşdylar. Has anyk maglumatlar bilen Turkmenportalyň reportažynda tanşyp bilersiňiz.

6. 26-njy oktýabrda Aşgabatda inžener mekdep okuwçylarynyň arasynda robototehnika boýunça «ImdatBot Cup 2022» bäsleşigi geçiriler. Oňa gatnaşyjylar 3 adamdan ybarat toparlara bölünerler we daşyndan kömek almazdan, üç şerti ýerine ýetirerler. Bäsleşik «ImdatBot» okuw merkezinde geçiriler.

7. Eminem lakamy bilen tanalýan amerikaly aýdymçy Marşal Brýus Meters III 50 ýaşyny belledi. Reper, saz prodýuseri we kompozitor aýdymy dünýäde iň köp satylýan aýdymçydyr, ol on bäş sany «Gremmi» baýragynyň we «8-nji mil» filmindäki baş keşbi üçin «Oskar» baýragynyň eýesidir. Millionlarça muşdagy bolan aýdymçy 1972-nji ýylda ABŞ-niň Missuri ştatynda ýerleşýän kiçijik Sent-Jozef şäherinde dolguldy. Marşal 14 ýaşyndaka rep aýdyp başlapdyr we ilkinji albomyny 24 ýaşyndaka çykarypdyr. Eminem meşhur reper Dr. Dreniň goldawy bilen «The Slim Shady» albomynyň çykmagyndan soňra bütin dünýäde meşhurlyk gazandy.

8. Londonda güýzki «London Capital Group» auksionynda 2007-nji ýylda öndürilen ilkinji «iPhone» satyldy. Onuň bahasy bir jaýyň bahasyna deňdir ýa-da bu pula 20 sany «iPhone 14 PRO» satyn almak mümkindir. Telefonyň başlangyç bahasy 2500$ boldy. Bäsleşikli söwda (auksion) ýarym aý dowam etdi we bu wagtyň içinde onuň bahasy 39 339$ çenli artdy. Telefonyň ilkinji nusgasy şol nyrh bilen nämälim muşdagy tarapyndan satyn alyndy.

9. «Dudullu spor» zenanlar futbol topary resmi taýdan Maýa Musaskaýany tanyşdyrdylar. Türkmen zenan futbolçysynyň bu topara geçendigi barada düýn habar berildi. Musaskaýa 2022/2023 möwsümi üçin şertnama gol çekdi we eýýäm topara goşuldy. «Biz futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasy bilen 2022/2023 möwsümi üçin şertnama baglaşdyk. Zenan türgenimize üstünlik arzuw edýäris. Hoş geldiň!» – diýlip, türk toparynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

10. Tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň birinji duşuşygynda Butanyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçirildi. Ýuriý Rogusskiý we Meýlis Orazmuhammedow ilki ýekeleýin, soňra ikileýin duşuşyklarda garşydaşlarndan üstün çykdylar. Indiki tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Mongoliýanyň topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň