Soňky habarlar

Arhiw

Eminem 50 ýaşyny belledi

17:0518.10.2022
0
36221
Eminem 50 ýaşyny belledi
Surat: mir24.tv

Dünýä belli repçi Eminem (hakyky ady— Marşall Brýus Meters III) düýn 50 ýaşyny belledi.

Ol 1972-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sen-Jozef şäherinde doguldy. On dört ýaşynda rep okap başlady, 1996-njy ýylda ilkinji albomyny ýazgy etdirdi.

Eminem meşhur rep aýdymçy Dr.Dreniň goldawy bilen «The Slim Shady LP» albomy çykarylandan soň meşhurlyk gazandy. 2000-nji ýylda artistiň esasy albomy— «The Marshall Mathers LP» ýaýradyldy. 2002-nji ýylda «Sekizinji mil» filmine ýazan saundtregi bolan «Lose Yourself» aýdymy üçin «Оскар» baýragyny aldy.

Eminemiň ene-atasy— Debora Meters-Brigs we Marşall Meters hem sazandalardy.

Eminem Detroýtdaky garaýagyzlaryň ýaşaýan etrabynda önüp-ösdi, bu bolsa onuň, esasan, garaýagyz aýdymçylaryň arasynda ýörgünli bolan rep ugruny öwrenmegine itergi berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň