Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlular üçin Russiýadan uçuşlara täze nyrhnamalary girizýär

10:0918.10.2022
0
80857

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy oktýabrdan başlap, Russiýadan Türkmenistana uçuşlar üçin täze nyrhnamalar ulgamyny hödürleýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş Agentliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Awiakompaniýa Russiýanyň çäginde satylanda Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular (şol sanda, Russiýa Federasiýasynyň raýatlary) üçin aýratyn nyrhnamalary girizýär.

Awiakompaniýa www.turkmenistanairlines.ru web sahypasynda satyn alnanda, nyrhnamalaryň raýatlyk esasynda dogry saýlanmagyna üns berilmegini haýyş edýär.

Eger-de petegi bronlamak düzgünleriň bozulmagyna getirse, onda ol jerime bilen ýatyrylar.

Kazan-Türkmenabat uçuşy üçin «A30/TM» Ekonom klass nyrhnamasyny 24,924 rubla (18-nji oktýabrdaky ýagdaý boýunça) satyn alyp bolýar. Bu nyrhnama diňe Russiýa Federasiýasynyň çäginde Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenendir.

Kazan-Türkmenabat uçuşy üçin «H30D/wekillk» Ekonom klass nyrhnamasynyň bahasy web sahypada 34,646 rubla (18-nji oktýabrdaky ýagdaý boýunça) satylýar. Petekler diňe Russiýanyň çäginde Türkmenistanyň ýaşaýjysy bolmadyk ýolagçylar (Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary) üçin satylýar.

Aşgabat - Moskwa (Domodedowo) - Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlar «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan hepdede iki gezek - çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýar. Aşgabat - Kazan - Türkmenabat ugurlary boýunça uçuşlar hepdede iki gezek - duşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň