Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan — Türkmenabat aralygyna uçuş gatnawlarynyň tertibini üýtgetdi

13:4213.10.2022
0
36922

Kazan — Türkmenabat uçar gatnawy boýunça Türkmenistana boljak uçuşlar täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar diýip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentliginiň Russiýa Federasiýasyndaky resmi web sahypasy habar berýär.

31-nji oktýabr, duşenbe gününden başlap, Türkmenabat şäherine uçuşlar täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Uçuşyň öňüsyrasynda awiakompaniýanyň ýa-da Kazan howa menziliniň web sahypasyndaky tertibe gaýtadan göz aýlamak maslahat berilýär

Häzirki wagtda uçuşlar çarşenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýar.

««Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin howa peteklerini www.turkmenistanairlines.ru internet sahypasyndan we Russiýadaky satuw ofislerinden şu aşakdaky salgylar boýunça alyp bilersiňiz:

  • Russiýa Federasiýasy, Tatarstan, Kazan köç. Dekabristow, 85B jaý, «Relita» söwda merkezi, ofis belgisi 210 (Kozýa Sloboda metrosy).

Iş wagty: Duşenbe — anna günleri 09:00-dan 18:00-a çenli. Günortanlyk arakesmesi 12:00-dan 13:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +78435005531

  • Russiýa Federasiýasy, Moskwa sebiti, «Domodedowo» howa menzili, halkara uçuş zaly, 49-njy kassasy
  • Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý meýdany, 2-nji otag, 3-nji girelge, 1-nji gat

Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +79312221266

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň