Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşar

15:0718.10.2022
0
36207

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşar we türkmen-özbek serhedinde söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek boýunça işe badalga berer.

«RIA Nowosti» bu barada duşenbe güni özbek Lideriniň metbugat kätibi Şerzod Asadowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine sapary 20-21-nji oktýabr günlerinde meýilleşdirilýär. Asadowyň sözlerine görä, saparyň dowamynda iki ýurduň Liderleri ikiçäk we giňeldilen görnüşde gepleşikleri geçirerler, netijede ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň