Soňky habarlar

Arhiw

Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiýadada türkmen talyby ýeňiji boldy

09:4918.10.2022
0
49715

10 — 14-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy hem-de jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Halkara ulgamlaýyn instituty tarapyndan Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiýada geçirildi.

Bu Olimpiýadada Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Atajan Metjiýew 2-nji orna mynasyp boldy.

Olimpiýada Braziliýa Federatiw Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan 600-den gowrak talyp gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň