Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine 3 müňden gowrak adam gatnaşdy

16:0918.10.2022
0
21332

Başy Türkmenabat şäherinden başlan we Mary, Aşgabat şäherlerinde dowam eden Ýaponiýanyň Medeniýet günlerine 3 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Dabaralaryň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilendigini ýatladýarys.

Baý medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmenistanlylara ýapon kinemtografiýasynyň iň naýbaşy eserleri görkezilip, ýapon aşhanasynyň meşhur tagamlary dadyryldy. Konsertler bolsa «Günüň dogýan ýurdunyň» medeni gymmatlyklaryny ýene bir gezek şöhlelendirdi.

Indi Ýaponiýanyň ilçihanasy 15 ― 20-nji noýabr aralygynda Türkmenabat, Mary we Aşgabat şäherlerinde SAI deprekçiler toparynyň konsertlerini guramagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň