Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazandan Türkmenabada hem-de Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň tertipnamasyny üýtgetdi, Moskwada Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşylýar hem-de rus-türkmen uniwersitetini döretmekde işler ýola goýulýar

10:3814.10.2022
0
28027

1. Kazan — Türkmenabat uçar gatnawy boýunça Türkmenistana boljak uçuşlar täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. 31-nji oktýabrdan başlap, Türkmenabat şäherine boljak uçuşlar täze meýilnama laýyklykda hepdäniň duşenbe hem-de penşenbe günleri ýerine ýetiriler. 2-nji noýabrdan — çarşenbe gününden başlap, Moskwanyň «Domodedowo» howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine boljak uçuşlar täze meýilnama laýyklykda hepdede iki gezek, has takygy çarşenbe hem-de anna günleri amala aşyrylar.

2. Moskwada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär. Russiýa Federasiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça federasiýa geňeşiniň komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça komissiýany döretmek barada aýratyn şertnama gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Mundan başga-da, Karasin rus-türkmen uniwersitetini döretmek meselesinde işleriň geçirilip başlanandygyny aýtdy.

3. Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine ÝUNISEF tarapyndan berlen, umumy bahasy ABŞ-nyň 170 müň dollaryndan gowrak şahsy gorag enjamlary gelip gowuşdy. Täze enjamlar ÝUNISEF-iň Kopengagen şäherindäki ammaryndan iberildi.

4. Türkmen milli telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi «Turkmenportal» web sahypasynyň ulanyjylary üçin elýeterli boldy. Ýeri gelende bellesek, habarlar gepleşiginiň ilkinji sany 1992-nji ýylyň 2-nji martynda ýaýlyma berildi. 30 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşaçylar «Watan» habarlar gepleşiginiň üsti bilen Türkmenistanda bolup geçýän iň möhüm wakalar bilen tanyş bolýarlar.

5. Lebabyň dolandyryş merkezinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirilýär. Döredijilik festiwalynyň iň esasy wakalarynyň biri bolsa Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleriniň türkmen, özbek hem-de gazak halklarynyň milli lybaslaryny görkezmegi boldy.

6. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko türkmen lukmançylyk diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny barada belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, BMG Türkmenistanyň ilkinji temmäkisiz ýurt bolmagy babatda goldaw berýär we bu örän buýsandyryjydyr. Şlapaçenko şunuň bilen baglylykda şeýle belleýär: “Bu lukmançylyk diplomatiýasynda güýçli diplomatik beýannama bolar, şeýle-de beýleki ýurtlar üçin hem görelde görkezer”.

7. Taryhda ilkinji gezek kosmos syýahatçysy Dennis Tito aýaly bilen Aýyň töwereginde bir hepdelik uçuşy amala aşyrmak üçin eýýäm “Starship” kosmos gämisinde iki orny belläp goýdy. Dennis Tito 2001-nji ýylda Russiýanyň “Soýuz TMA-32” kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna uçuşy amala aşyryp, dünýäde ilkinji kosmos syýahatçysy boldy.

8. Gresiýada arheologlar Samiýa hudaýy Poseýdonyň gadymy mukaddes ybadathanasyny tapdylar. Ybadathana gadymy Tripiliýa sebitindäki Peloponnes adasyndan tapyldy. Bu bina barada grek taryhçysy Strabon “Geografiýa” eserinde agzap geçýär. Taryhy ýazgylara görä, mukaddes ybadathananyň golaýynda Trifilýanyň ähli ýaşaýjylarynyň goşantlary bilen ýetişdirilen zeýtun bagy bolupdyr.

9. Türkmenistanly güýç ekstriminiň türgeni Dawid Melkumow Aşgabatda 120 tonnalyk dizel lokomotiwini herekete getirip, milli derejedäki rekord goýdy. Agramy 92 kilogram bolan bu türgen 2,7 metr aralyga lokomotiwi çekmegi başardy. Netijeler türgeniň tälimçisi tarapyndan metbugat wekilleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda ýazga alyndy. Melkumow ozal hem awtoulaglary we ýük awtoulaglaryny süýşüripdi. Geljekde türgen ýük uçaryny çekmegi meýilleşdirýär.

10. Rus bloggeri Hasbik UFC bilen şertnama gol çekendigini habar berdi. “UFC baradaky gürrüňler hakykat, men resmi taýdan şertnama baglaşdym, bu barada has anyk maglumatlar ýylyň ahyrynda mälim ediler. UFC guramasyna hem-de Dana Waýta şeýle döredilen mümkinçilikler üçin sag bolsun aýdýaryn, ynamy ödemage synanyşaryn”- diýip, Hasbulla Magomedow belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň