Turkmenportal logo
13.10.22
7494174941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuş tertibini üýtgetdi

Noýabr aýyndan Moskwa — Türkmenbaşy gatnawy boýunça Türkmenistana boljak uçuşlar täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar diýip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentliginiň Russiýa Federasiýasyndaky resmi web sahypasy habar berýär.


2-nji noýabr, çarşenbe gününden başlap, Moskwanyň «Domodedowo» howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar täze meýilnama laýyklykda hepdede iki gezek amala aşyrylar.


Häzirki wagtda uçuşlar sişenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylýar.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin howa peteklerini www.turkmenistanairlines.ru internet sahypasyndan we Russiýadaky satuw ofislerinden şu aşakdaky salgylar boýunça alyp bilersiňiz:


Russiýa Federasiýasy, Tatarstan, Kazan köç. Dekabristow, 85B jaý, «Relita» söwda merkezi, ofis belgisi 210 (Kozýa Sloboda metrosy).


Iş wagty: Duşenbe — anna günleri 09:00-dan 18:00-a çenli. Günortanlyk arakesmesi 12:00-dan 13:00-a çenli.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +78435005531


Russiýa Federasiýasy, Moskwa sebiti, «Domodedowo» howa menzili, halkara uçuş zaly, 49-njy kassasy


Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý meýdany, 2-nji otag, 3-nji girelge, 1-nji gat


Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +79312221266