Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara festiwalyň çäklerinde milli lybaslar görkezildi

16:2513.10.2022
0
30378

Lebabyň dolandyryş merkezinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirilýär. Döredijilik festiwalynyň iň esasy wakalarynyň biri bolsa Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleriniň türkmen, özbek hem-de gazak halklarynyň milli lybaslaryny görkezmegi boldy.

Moda sergisinde görkezilen mahmal, keteni, şeýle hem ýüpekden öndürilen kaşaň eşikler milli nagyşlar bilen baý bezelipdir. Milli lybaslaryň görkezilişinde milli äheňler we moda pudagynyň häzirki zaman tendensiýalary umumy sazlaşygy emele getirdi.

Lybaslaryň dürlüliginde, reňk sazlaşygynyň baýlygynda doganlyk ýurtlarynyň halklarynyň milli eşikleriniň özboluşlylygy we olary taýýarlanlaryň ussatlygy aýdyň ýüze çykdy.

«Türkmeniň ak öýi» binasyna ýanaşyk ýerdäki köpçülikleýin çäreler üçin ýörite binada geçirilen moda sergisi tanymal türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň