Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Arçabil – Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygynda ulag geçelgesi açyldy, Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady, «Aýtab» planşetiniň 12-nji nesliniň we «Milli» smartfonynyň tanyşdyrylyşy

11:4823.09.2022
0
31793

1. Aşgabatdaky Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygyndaky ulag geçelgesi durky täzelenenden soň, dolulygyna ulanylmaga berildi. Indi köpriniň aşagynda pyýadalaryň we ulaglaryň hereketi gurluşyk diwarlary bilen çäklendirilmeýär.

2. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda öz türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady.

3. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde «Aýdyň gijeler» kompaniýasy «Aýtab» planşetiniň 12-nji neslini we «Milli» smartfonyny tanyşdyrdy.

4. 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek XXVII «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» sergisine we Halkara maslahatyna gatnaşyjylary resmileşdirmek işleri başlandy. Maslahat we sergi iki görnüşde – onlaýn we offlaýn usulynda geçiriler. Gönüden-göni gatnaşmaklyk üçin arzalar 16-njy oktýabra çenli tabşyrylmalydyr. Onlaýn görnüşde gatnaşmak üçin bolsa resmileşdirmek işleri 20-nji oktýabra çenli dowam eder.

5. 25-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» horeografiýa ansambly çykyş eder. Döredijilik topary türkmen tomaşaçylary üçin tans-folklor çykyşlaryny ýerine ýetirer.

6. Tasmaniýanyň kenarýakasyndaky açyk plýažda 200-e golaý kit tapyldy. Köpçülikleýin ýalpak ýere çykan haýwanlaryň diňe 35-si diri galdy. Hadysanyň bolup geçen ýerinde halas ediş işleri dowam edýär.

7. 2023-nji ýyldan başlap Türkiýe öz tebigy gazyndan peýdalanmaga girişip biler. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy çeşmeler ministri Fatih Dönmez belläp geçdi. Häzirki güne çenli gazy Gara deňizdäki ýatakdan Zonguldak şäherindäki Filýos atly ýere çenli ibermäge niýetlenen turba geçirijisiniň 140 kilometrlik bölegi taýýar edildi.

8. Iňlis futbol ligasy (EFL) elektroenergiýa tölegleriniň artmagy sebäpli, tygşytlylyk maksady bilen, duşuşyklary gündiz geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Duşuşyklary gündiz geçirmegiň peýdasyna 40 toparyň 63% ses berdi.

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Kuweýtde geçirilýän Aziýanyň Kubogy – 2022-niň esasy raundynyň toparlaýyn tapgyrynda duşuşyga çykýar. 27-nji sentýabrda türkmen futzalçylary Özbegistanyň toparyna garşy oýnar. 29-njy sentýabrda Türkmenistan Bahreýn bilen duşuşar. Türkmen topary üçin toparlaýyn tapgyryň ahyrky duşuşygy 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndysyna garşy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň