Turkmenportal logo
22.09.22
4590745907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky esasy çatryklaryň biri ýene-de herekete açyldy

Durky doly täzelenenden soň Aşgabadyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň çatrygy ulaglaryň hereketine dolulygyna açyldy. Indi bu ýerdäki köpri ulaglar we pyýadalar üçin geçelge bolmakdan has aňrybaş duýgulary bagyşlaýar.



Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Köpriniň aşagyndan geçýän aýlaw ýol täze mozaikalar bilen bezeldi. Aýlawyň merkezi bölegi abadanlaşdyrylyp, pyýadalar üçin hem has amatly görnüşe geldi.



Ýakyn geljekde Arçabil şaýolunyň ugrundaky beýleki köprülerde hem şeýle abatlaýyş işleri geçirilip, herekete açylar.