Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze merkezinde türkmenistanlylara ýaşaýyş jaýlary berler, Shir Minsk şäheriniň gününde çykyş etdi, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky ofisleri

10:2613.09.2022
0
31652

1. Türkmenistanyň Prezidenti Ahalyň täze merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi hakynda Karara gol çekdi. Gurluşyklaryň birinji tapgyry Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe çenli tamamlanmalydyr.

2. Minskde şäheriň 955 ýyllygy we «Mir» teleradiokompaniýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan konsertde Türkmenistanda doglan Şirmyrat Çaryýew çykyş etdi, ol Shir lakamy bilen bellidir. Belorus paýtagtynyň merkezindäki Sport köşgünde estrada aýdymçysy özüniň meşhur «Sen meniňki» («Ты моё») atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti awiakompaniýanyň howa gatnawlary boýunça RF-niň çägindäki awiapetek satylýan ofisleriniň sanawyny köpçülige ýetirdi. Türkmenistana gitmek üçin awiapetekleri Moskwa oblastynda, Tatarstanda we Sankt-Peterburgda satyn almak mümkindir. Ofisleriň doly sanawy salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary bilen birlikde şu ýerde elýeterlidir.

4. 15-nji sentýabrda türkmen egin-eşik haryt nyşany «Däp» «Urban» görnüşlerine degişli bolan güýzki egin-eşik toplumyny tanyşdyrar. Görkeziliş haryt nyşanynyň «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezindäki dükanynda geçiriler. Egin-eşik toplumy hudileri, joggerleri, longsliwleri, switşotlary, köýnekleri, çinoslary we palasolary öz içine alýar.

5. «iOS 16» nusgasy Türkmenistanda «iPhone» smartfonlarynda gurnamak üçin elýeterli edildi. Täzelenen nusga «iPhone 8» görnüşlerinden kiçi bolmadyk ähli enjamlar üçin elýeterlidir. «iOS 16-da» ekranyň gulp sazlamalarynyň täze şriftli, reňkli we widjetli giňeldilen mümkinçilikleri peýda boldy, duýduryş ulgamy täzelendi, «iMessage» tekstini iberilensoň redaktirlemek mümkinçiligi we başga-da birnäçe täzelikler girizildi.

6. Dünýäniň iň iri awikompaniýasy bolan «United Airlines» elektrikleşdirilen howa taksilerini öndürmek boýunça Braziliýanyň «Eve Air Mobility» atly başlangyç taslamasyna $15 mln dollar möçberinde maýa goýar. Şertnamanyň çäklerinde awiakompaniýa 200 sany uçar satyn alar.

7. Hindistanyň paýtagty Nýu-delide feýerwerkleri uçurmak gadagan ediler. Çäklendirme 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje girer we 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Pirotehnika önümleri gyş aýlarynda gadagan edilýär, çünki sowuk howa tozany, ulaglaryň bölüp çykarýan gazlaryny we meýdanlarda ýakylýan şepbik galyndylarynyň tüssesini özünde saklaýar. Şeýle çäreleriň girizilmegi megapolisiň atmosferasynyň hapalanma derejesini peseltmäge ýardam eder.

8. Şu gün Ýewropada UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawy başlanýar. Sişenbe güni esasy duşuşykda «Bawariýa» we «Barselona» özara güýç synanyşarlar. Oýny Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:45-de başlanar.

9. Türkmen samboçylary Russiýada geçirilen halkara bäsleşikde 9 medal gazandylar. Altyn medala Dawid Awçýan mynasyp boldy, Begenç Baltaýew, Guwanç Begalyýew, Muhammet Kössekow, Kerimberdi Döwletow kümüş medaly eýelemegi başardylar. Bürünç medala bolsa Angelina Filippowa, Nedir Allaberdiýew, Serdar Hojamuhammedow we Bezirgen Begenjow mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň