Türkmenistanly aýdymçy Minskde geçirilen konsertde çykyş etdi

13:1112.09.2022
0
75589

Şäheriň 955 ýyllygy we «Mir» teleradiokompaniýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Minskde geçirilen konsertde Shir lakamy bilen meşhurlyk gazanan türkmenistanly aýdymçy Şirmyrat Çaryýew çykyş etdi.

Sport köşgünde geçirilen konsertde ol özüniň meşhur «Sen meniňki» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Çaryýewiň Aşgabatda doglandygyny, talyplygyny Belarusda geçirip, häzir aýdymçylyk, şoumenlik we aktýorçylyk bilen meşgullanýandygyny ýatladýarys.

Konsertde Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gruziýanyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň