Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň merkezindäki täze jaýlar ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara berler

10:3412.09.2022
0
43905

Türkmenistanyň Prezidenti «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi.

Kararda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Bu Karar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň