Türkmen samboçylary Russiýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandylar

14:0612.09.2022
0
25410

Moskwada sambo söweş sungatyny esaslandyryjylaryň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda türkmenistanly türgenler medallaryň dokuzysyny eýelediler. Olaryň biri altyn, dördüsi kümüş, galan dördüsi hem bürünç medallardyr. Bu medallar erkekleriň we zenanlaryň arasynda agram derejeleriniň 7-si boýunça gazanyldy.

Türkmen ýygyndysynyň ýeke-täk altyn medalyna 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan türgen Dawid Awçýan mynasyp boldy. Ýygyndy toparymyzyň kümüş medallaryny Begenç Baltaýew (79 kilograma çenli), Guwanç Begalyýew (98 kilograma çenli), Muhammet Kössekow (71 kilograma çenli) we Kerimberdi Döwletow (64 kilograma çenli) dagylar gazandylar. Angelina Filippowa (59 kilograma çenli), Nedir Allaberdiýew (79 kilograma çenli), Serdar Hojamuhammedow (88 kilograma çenli) we Bezirgen Begenjow (98 kilograma çenli) dagylar bolsa, medal gaznamyza bürünç medallary goşdular.

Bu halkara ýaryş ― 1980-nji ýylda Moskwa Energetika institutynyň fiziki dikeldiş kafedrasynyň teklibi bilen sambo söweş sungatyny esaslandyryjylaryň biri bolan Anatoliý Arkadýewiç Harlampiýewiň hatyrasyna döredildi. Ilkinji ýaryş 1980-nji ýylyň 10 ― 11-nji oktýabr günlerinde Moskwa şäherindäki köpugurly «Dostluk» sport zalynda geçirilipdi.

Ýaryşa 1982-nji ýylda halkara dereje berildi. Wagtyň geçmegi bilen, ol sambo boýunça dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň birine öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda sambo jemgyýetçiliginiň iň görnükli wekilleri bu halkara gatnaşyp, dürli derejeler boýunça medallara eýe boldular. Halkara ýaryşa 2009-njy ýylda «A.A.Harlampiýewiň memorialy» diýen at berildi. Bu at sambonyň sportuň olimpiýa görnüşlerine goşulmagy üçin aýgytly ädimleriň birine öwrüldi.

Şu ýyl bolsa bu halkara ýaryş «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» diýlip atlandyryldy. Şunda söweş sungatyny esaslandyryjylaryň üçüsi hem ― Anatoliý Harlampiýew hem, Wasiliý Oşepkow hem, Wiktor Spiridonow hem göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň