Türkmenistanyň niresinde Şengen wizasyny we COVID-19-a garşy sanjym alandygy hakyndaky halkara kepilnamany resmileşdirýärler, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy

11:2430.08.2022
0
24725

1. Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy häzirki wagtda wizalary bermek üçin täze arzalary gaýtadan işlemek işlerini amala aşyrmaýar.

2. COVID-19-a garşy sanjym alnandygy hakyndaky halkara kepilnamany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitar-epidemiologik gullugyndan alyp bilersiňiz. Zerur resminamalaryň sanawy bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

3. Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmeklige taýýarlyk görülýär, çäre 1-30-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy geçen hepde Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Stambula üç ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Howa gatnawlary 24, 27 we 28-nji awgustda giňfýuzelýažly «Boeing 777-200LR» uçarynda amala aşyryldy.

5. Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy täze salga göçdi. Indi ol Aşgabat şäheriniň Gypjak köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýär.

6. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Hojadepe obasynda 320 orunlyk çagalar bakja-bagynyň täze binasynyň gurluşygy tamamlandy.

7. Tailandyň ýolbaşçylary daşary ýurtlulara 10 ýylyň dowamynda ýurduň çäginde ýaşamaga we işlemäge mümkinçilik berýän täze wizany girizerler. Uzakmöhletleýin rezidentlik wizasynyň eýeleri Tailandda salgyt ýeňilliginden we beýleki ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler. Şeýlelik bilen, ýurduň ýolbaşçylary baý we zehinli daşary ýurtlulary çekmegi meýilleşdirýärler.

8. Çernogoriýada geçirilen ýatmak boýunça çempionatyň ýeňijisi kesgitlendi. Podgorisadan Zarko Peýanowiç adaty bolmadyk bäsleşikde ýeňiş üçin 60 sagatlap hereketsiz şolbir ýagdaýda ýatypdyr.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Moskwada geçiriljek Russiýada «Sambonyň düýbüni tutujylaryň Kubogy» atly sambo boýunça halkara bäsleşige gatnaşarlar.

10. Türkmen dzýudoçysy Mekan Baýramow Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy. 100 kilograma çenli agram dereje boýunça final tutluşygynda Baýramow Türkiýäniň wekili Rejep Çimenden üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň