Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi maksat edinýär

04:4403.08.2022
0
21001

Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi maksat edinýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere iberen gutlagynda belledi.

— Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigini nygtady.

— Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň