Soňky habarlar

Arhiw

AFK Dünýä çempionaty ― 2026-ny 48 ýygyndy bilen geçirmek baradaky başlangyjy goldady

22:1401.08.2022
0
7322

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň formaty tassyklanyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň futbol birleşigi AFK-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

FIFA 2026-njy ýylda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň bilelikde geçirjek mundialyna 48 ýygyndynyň gatnaşmagy baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi. Şeýlelikde, bu teklibi goldan AFK dünýä çempionatyna ýerli saýlama tapgyrlarda iň gowy çykyş eden 8 ýygyndyny we yklymara ýaryşyň ýeňijisini ugradyp biler.

Dünýä çempionaty ― 2026-nyň Aziýa boýunça saýlama duşuşyklary dört tapgyrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň