Iýulyň başynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy +31°çenli pese düşer, «Türkmenistan» awiakompaniýasy içki uçuşlaryň yzygiderliligini artdyrdy, ýurdumyzda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýalary gurlar we beýleki habarlar

10:4504.07.2022
0
28959

1. Içki howa gatnawlaryna artýan talaby göz öňünde tutup, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň iýulyndan başlap, içki uçuşlaryň yzygiderliligini artdyrdy.

2. Iýulyň başynda Türkmenistan günbatar Gazagystandan gelýän howa akymynyň täsirinde bolar, şonuň üçin hem birnäçe günüň dowamynda howanyň temperaturasynyň +31…+36°, ýurduň günbatar sebitlerinde bolsa ortaça +27…+32° bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda gijelerine +17…+22° salkyn bolar.

3. «Çalik Enerji» türk kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýulynda Türkmenistandaky ilkinji Gün we ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna girişer. Desga 2024-nji ýylyň ýanwarynda dolulygyna taýýar edilip, ulanylmaga berler.

4. Aşgabadyň tiz tagam (fastfud) restorany «Burger Zone» «Awazanyň» kenarynda öz şahamçasyny açdy. «Hazar» myhmanhanasynyň birinji gatynda tagamly burgerler taýýarlanyp, olary syýahatçylyk zolagynyň ähli ýerlerine eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär. Sargyt üçin telefon belgisi: (+993 64) 35 70 07.

5. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesinde Lebap welaýatynda umumy meýdany 130,8 inedördül kilometr bolan arassa agyz suw ýatagynyň üstünden baryldy.

6. Türkmenistanly zyýaratçylardan ybarat topar «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite howa gatnawy bilen Saud Arabystanyna ugrady. 275 sany türkmen zyýaratçylar yslamyň bäş parzynyň biri bolan Mekgä we Medinä haj parzyny ýerine ýetirmek üçin dürli ýurtlardan gelen ýüz müňlerçe musulmanyň hataryna goşularlar.

7. Kazan-Türkmenabat ugry boýunça dowamy howa gatnawlarynyň ýolagçylaryna COVID-19 ýokanjyna garşy barlagdan geçmegi ýatladýarys. Ähli uçjak ýolagçylar hökmany ýagdaýda Kazanyň Respublikan kliniki hassahanasynda PZR barlagyny tabşyrmaly. Barlagyň bahasy – 1300 rubl.

8. Tomus paslynda Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy köçede wagty diňe bir zat hakynda arzuw edýär – çaltrak sowadyjynyň salkyn howasy öwsüp duran ýerde bolmak. Hatda howanyň temleraturasynyňýderrew pese düşmegi sebäpli dümewlemek mümkinçiliginiň bardygyny bilýändigine garamazdan. Bu makala yssy howada sowadyjynyň aşagynda bolsaň-da, dümewlemezlik hakynda.

9. Ýangyjyň ýiti ýetmezçiliginiň dowam edýänligi sebäpli Şri-Lankanyň Hökümeti tiz kömek we ýangyn ulaglaryna ýangyç guýmagy bes etmek kararyna geldiler. Bir hepde mundan öň ýangyjy hususy şahslara satmagy bes etmek çözgüdi kabul edilipdi, adamlar işlerini öýden dolandyrmaga çagyryldy, mekdepler wagtlaýyn ýapyldy. 3-nji iýulda bolsa ýangyjyň hatda adatdan daşary ýagdaýlar üçin niýetlenen ulaglara-da ýetmeýändigi mälim boldy.

10. Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II öz wezipe borçlarynyň bir bölegini 73 ýaşly Wels şazadasy Çarlza geçirer. Monarhyň borçlarynyň soňky 10 ýylyň içinde ilkinji gezek üýtgedilendigi bellenilýär.
Şa aýaly öňküsi ýaly döwletiň we milletiň Baştutany bolmagynda galýar. Indi monarhyň borçlarynyň hataryna birnäçe diplomatik we parlament borçlaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem Patyşalygyň daşary ýurtly myhmanlaryny kabul etmek girýär.

11. Singapurda geçiriljek basketbolyň 3×3 görnüşi boýunça FIBA-nyň Aziýa Kubogy ugrunda duşuşyklaryň tertibi we oňa gatnaşýan Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň garşydaşlary mälim edildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçiriljek toparlaýyn duşuşyklar 7-nji iýulda başlanar. Milli ýygyndymyz Hindistan we Palestina bilen güýç synanyşar.

12. 2025-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu halkara bäsleşik Türkmenistanyň paýtagtynda has öňräk geçirilmelidi. Emma dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli Aşgabatda geçirilmeli dünýä çempionaty iki gezek yza süýşürildi. Ony ilki 2020-nji ýylda, soňra bolsa 2022-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň