Arhiw

2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

22:5101.07.2022
0
4855

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky Karary kabul edildi. Şol resminama laýyklykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde zerur bolan guramaçylyk işleri geçirildi, emma dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasy Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny 2025-nji ýylda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu teklip içgin öwrenildi hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde makullanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä çempionatyny geçirmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2025-nji ýylda dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek, sambo boýunça milli ýygyndynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak we olary bu ýaryşa taýýarlamak babatda zerur işleri geçirmek hakynda degişli tabşyryklary berdi.

Sambo boýunça dünýä çempionaty Halkara sambo federasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň