Soňky habarlar

Arhiw

Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna girişiler

23:2701.07.2022
0
25294

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken resminamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurlar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hem-de umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, «Serdar» elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň