Turkmenportal logo
10.06.25
2223622236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomatlary Moskwada geçirilen mini-futbol ýaryşyna gatnaşdylar
Türkmen diplomatlary Moskwada geçirilen mini-futbol ýaryşyna gatnaşdylarSurat: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy

8-nji iýunda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MGIMO köpugurly sport toplumynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň Moskwadaky ilçihanalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň futbol toparlary gatnaşdy.


Ýaryşa jemi 30 futbol topary gatnaşdy. Ýeňiji bolan toparlara ýaryşyň guramaçylary we hemaýatkärleri tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň saýtynda habar berildi.


Sport ýaryşyna gatnaşanlar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini we onuň dowamynda dostlukly ruhuň höküm sürendigini bellediler.